Türkmenistanda doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýa işleriniň goralyşy 156 göterim artdy

09:5727.02.2024
0
11724

Geçen ýylda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanda aspirantlaryň, doktorantlaryň okuwa kabul edilişiniň we ylymlaryň kandidaty hem-de ylymlaryň doktory alymlyk derejelerine dalaşgärleriň hasaba alnyşynyň, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 118 göterim artdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi. Barlaglar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda, şeýle hem ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ylmy institutlarynda we merkezlerinde, ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, dissertasiýalaryň goralyşynyň yzygiderli ýokarlanmagy, şol sanda 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýa işleriniň goralyşynyň 156 göterim artmagy ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny we pudaklaryny ylmy, innowasion esaslarda ösdürmäge önjeýli goşant goşjak alymlaryň täze nesliniň kemala gelendigini görkezýär.

Häzir Türkmenistanda bäsdeşlige ukyply, material we energiýa tygşytlaýjy, ekologik taýdan howpsuz ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar döredilýär hem-de önümçilige ornaşdyrylýar. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini öwrenmek arkaly alymlar elektrik energiýasynyň önümçiligini, uglewodorod serişdelerini gözlemek, çykarmak, onuň ýataklaryny işläp taýýarlamak boýunça täze önümçilik tehnologiýasyny döredýär. Ýangyjy elektrik we ýylylyk energiýasyna öwürmek boýunça barlaglar alnyp barylýar.

Alymlar oba hojalygy, lukmançylyk, derman we azyk senagaty, molekulýar biologiýa, genetika, bioinženeriýa, biolukmançylyk ýaly ugurlarda ylmy barlaglary geçirýärler. Şol bir wagtyň özünde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetiki gaznasyny döretmek, ekologik meseleleri öwrenmek, milli emeli hemranyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, ulag-logistika meselelerine uly ähmiýet berilýär diýlip, habarda bellenilýär.

Geçen ýylda önümçilige hödürlenilen tehnologiýalaryň, kadalaşdyryjy resminamalaryň we kompýuter programmalarynyň 31-si önümçilige ornaşdyrylyp, bu görkeziji, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2 essedenem ýokary boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň