Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna 8-nji marta pul sowgatlary gowşurylar, dynç günleri Aşgabatda gar gatyşykly ýagşyň ýagmagyna garaşylýar we beýleki habarlar
Türkmenistan
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurduň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy.
2. 8-nji martda Türkmenistanda aýal-gyzlara Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary berler. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara döwlet Baştutanynyň adyndan 60 manat möçberinde pul sowgatlary gowşurylar.
3. Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, dynç günlerinde Aşgabatda durnuksyz howanyň bolmagyna garaşylýar. 24-nji fewralda, şenbe güni paýtagtda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, wagtal-wagtal gar gatyşykly ýagyş ýagar. 25-nji fewralda, ýekşenbe güni hem Aşgabatda gar gatyşykly ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň käbir sebitlerinde şu günler howanyň temperaturasy noldan aşak düşer.
4. 26-njy martda Ahal welaýatynyň Änew şäherinde «Änew – 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly çärelere badalga bermek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Dabaranyň çäklerinde türki halklaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda konsert, maslahatlar we metbugat maslahatlary geçiriler.
5. Nurmuhammet Meýlisgeldiýewiç Annagurbanow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda gol çekdi.
6. Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Häzirki wagtda atçylyk sport toplumynyň çäginde goşmaça täze athanalary, weterinar dermanhanany we at esbaplar dükanyny, açyk görnüşli awtoduralgany, suw howdanlaryny, tehniki binalary gurmak, dürli ölçegdäki monitorlary, döwrebap enjamlary gurnamak göz öňünde tutulýar. Bulardan başga-da, ozaldan bar bolan athanalaryň, esasy girelgäniň, tomaşaçylar münberiniň, karantin binasynyň, sport meýdançasynyň, açyk manežiň durkuny täzelemek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Dünýäde
7. Çikago uniwersitetiniň gözlegçiler topary ýusionrewol oýlap tapyşy – adam saçyndan 100 esse inçe bolan ultra inçe kardiostimulýatory döretdiler. Bu enjam bedeniň ýürek-damar we nerw ulgamlarynyň işini sazlamaga ukyplydyr. Dünýäde millionlarça adam eýýäm kardiostimulýatorlary ulanýarlar. Alymlaryň bellemeklerine görä, täze kardiostimulýator diňe bir ykjam we amatly bolman, eýsem, has ygtybarly bolar. Onuň işi ýagtylygyň ulanylmagyna esaslanýar, bu bolsa adaty enjamlaryň gowşak tarapy bolan hereket edýän bölekleri we simleri doly aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär.
Sport habarlary
8. Türkmen söweşijisi Abdulla Babaýew «AMC Fight Nights 123» ýaryşynda Täjigistanyň wekili Abdulaziz Ýuldoşewi ýeňdi. Babaýew birinji raundda bogmak tilsimi arkaly ýeňiş gazandy. Bu söweşiň türkmen söweşijisi üçin «Fight Nights» ýaryşyndaky ilkinji çykyş bolandygyny bellemek gerek. Abdulla Babaýew söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussady, üç gezek Dünýäniň Kubogynyň ýeňijisi, pankration boýunça Aziýanyň we dünýäniň çempiony. Ol «Gala Sports Management» sport guramasynyň wekilidir.