Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Magtymgulynyň poeziýasyna bagyşlanan sergi açyldy

18:0123.02.2024
0
38172

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sergi açyldy.

Sergide Türkmenistanyň Suratkeşler bileleşiginiň agzalary Polat Garryýew, Ýagmyr Oraýew, Meret Gylyjow, Perhat Işangulýew we beýlekiler öz eserlerini hödürlediler.

Suratkeşleriň eserlerinde Magtymgulynyň filosofik goşgulary, Watan we halkyň ykbaly baradaky pikirleri, liriki şahyrana şekillendirilipdir.

Şeýle hem hudožnikler şahyryň doglan, ýaşan, öz goşgularynda wasp eden ýerlerini beýan edýän suratlary hödürlediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň