Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mongoliýada ýazky daşgynlaryň bolup biljekdigi barada duýduryş çap edildi

11:1017.02.2024
0
30259
Mongoliýada ýazky daşgynlaryň bolup biljekdigi barada duýduryş çap edildi
Surat: belta.by

Mongoliýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet edarasy ýazky daşgynlaryň bolup biljekdigi baradaky duýduryşy çap etdi. Bu hakynda «Sinhua» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» saýty ýazýar.

Resmi habarda ýurduň paýtagtynyň käbir etraplarynda, aýratyn hem Tuul we Selbe derýalarynyň boýunda suwuň derejesiniň golaýlap gelýän ýaz daşgynlary sebäpli kadadan ýokarlanyp biljekdigi bellenýär.

Şunuň bilen baglylykda, ady tutulan edara Ulan-Batoryň derýalaryň we kölleriň golaýynda ýaşaýan ilatyny ätiýaçlylyk çärelerini görmäge çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň