Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda gowaçanyň «Ýolöten-39», «Ýolöten-7», «S-2606» görnüşlerini ekmek meýilleşdirilýär

12:5416.02.2024
0
23617
Lebap welaýatynda gowaçanyň «Ýolöten-39», «Ýolöten-7», «S-2606» görnüşlerini ekmek meýilleşdirilýär
Surat: turkmenistan.gov.tm

Häzirki günlerde Türkmenistanyň ähli künjeginde, şol sanda Lebap welaýatynda hem oba hojalyk ekinleriniň ýokary hilli tohumyny taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Ýaz ekişiniň golaýlap gelmegi bilen ýurduň esasy milli baýlyklarynyň biri bolan gowaçanyň ýeterlik mukdarda ýokary hilli tohumyny taýýarlamak işi hem öňde durýan jogapkärli wezipeleriň biridir.

Ýurduň Gündogar sebitinde pagta arassalaýjy zawodlaryň 11 sanysy bolup, olaryň 10-synda ekiş möwsümi üçin tohumlyk çigitleri taýýarlanylýar. Şolardan 2015-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen, bir ýylda 40 müň tonna pagtany gaýtadan işläp, ýokary hilli tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamaga niýetlenen Saýat etrabynyň Garabekewül pagta arassalaýjy kärhanasynda işleriň has göwnejaý guralandygyny belläp geçmek bolar. Bu ýerde adaty ekijilere niýetlenen gowaça çigitleri bilen birlikde, takyk ekijiler üçin daşky tüýjümek bardasy aýrylan gowaça tohumynyň taýýarlanmagy, gögerip çykan gowaçanyň kesellerine hem-de haşal otlara garşy ýörite himiki serişdeler bilen işlenilmegi tygşytlylyk taýdan we gowaçalara ideg işlerini ýeňilleşdirmekde has amatlydyr.

Zawodyň dünýäniň iň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, işçi-hünärmenleriň yhlasly zähmeti, işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde bu kärhanada zähmet öndürijiligi örän ýokary. Bu bolsa ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şu oba hojalyk möwsüminde toprak-howa şertlerine laýyklykda, welaýatyň etraplarynda gowaçanyň «Ýolöten-39», «Ýolöten-7», «S-2606» görnüşlerini ekmek meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da, Saýat etrabynda ýerleşýän ylmy-önümçilik synag merkezinde gowaçanyň «Ýolöten-50», «Ýolöten-53» we «Garaşsyzlyk» ýaly sortlary synag üçin ekiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň