«Arkadag» futbol klubynyň BAE-de geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşynyň çägindäki üçünji ýoldaşlyk duşuşygy üçin garşydaşy belli boldy.
Wladimir Baýramowdan tälim alýan topar üçünji ýoldaşlyk duşuşygyny Gyrgyzystanyň çempiony «Abdyş-Ata» bilen geçirer. Gyrgyz toparynyň düzüminde türkmenistanly Teýmur Çaryýew hem-de Süleýmän Muhadow hem çykyş edýär.
Ýolddaşlyk duşuşygy 25-nj fewralda Abu-Dabi şäherindäki «Jebel Ali Sport Centre» meýdançasynda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da başlanar.
Ozal habar berşimiz ýaly, «Arkadag» futbol kluby BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde RPL-iň wekilleri «Pari NN» hem-de «Zenit» toparlary bilen hem güýç synanyşar.
Häzirki wagtda Wladimir Baýramowyň şägirtleri BAE-niň Abu-Dabi şäherinde ikinji gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda 4-nji martda başlanjak Türkmenistanyň çämpionatyna taýýarlyk görýärler. Türgenleşik-okuw ýygnanyşygy 3-nji marta çenli dowam eder.
Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» topary birinji gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirip, onuň çäginde Demirgazyk Makedoniýanyň «Wardar» (1:0), Ukrainanyň «Şahtýor» (1:4) hem-de «Dnepr-1» (0:1) toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.