Top.Mail.Ru

Aşgabatda çagalar üçin IT we robototehnika okuwlaryna 40%-e çenli arzanladyş dowam edýär

15:1714.02.2024
0
37043

Aşgabatdaky bilim merkezinde 29-njy fewrala çenli robototehnika we IT programmirleme okuwlaryna 40% arzanladyş dowam edýär.

Arzanladyşlar robototehnika okuwlaryna 5 — 16 ýaş aralygyndaky çagalar üçin, IT programmirleme okuwlaryna bolsa 13 ýaşdan 18 ýaşa çenli ýetginjekler üçin ýetirilýär. Bilim merkeziniň ýerleşýän salgysy: Atatürk köçesiniň 61-nji jaýy.

Şunuň bilen birlikde, bilim merkezi 20-21-nji fewralda çaganyň bu ugurdan okuwa gyzyklanmasyny we höwesini bilmäge ýardam etjek tölegsiz synag ediş sapaklaryna gatnaşmaga çagyrýar.

20-nji fewralda IT programmirleme boýunça geçiljek sapakda ýetginjekler programmirleme dilleri bilen tanşarlar, ýönekeý görnüşdäki web saýty ýa-da goşundyny döretmäge synanyşarlar, şeýle-de frontend we backend düşünjelerine akyl ýetirerler.

20-nji fewralda geçjek synag ediş sapaklarynyň tertibi:

10:00-11:00
11:30-12:30
13:00-14:00
14:30-15:30
16:00-17:00

21-nji fewralda robototehnika boýunça geçiljek sapakda çagalar shemotehnikanyň esaslaryny öwrenerler ýa-da ilkinji programmalaryny ýazarlar hem-de robot işe girizerler.

21-nji fewralda geçjek synag ediş sapaklarynyň tertibi:

12:30-13:15
13:45-14:30
15:00-15:45
16:15-17:00

Has giňişleýin bilmek üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 71) 14 17 80, (+993 71) 14 17 81. Ýerleşýän salgysy: Atatürk köçesiniň 61-nji jaýy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň