Top.Mail.Ru

Aşgabatdaky täze koworking gurşawy frilanserlere, telekeçilere hem-de döredijilik adamlaryna garaşýar

10:4607.02.2024
0
29640

Oňaýly iş gurşawyny, networking gatnaşyklaryny hem-de ylhamly işlemek mümkinçiligini gözleýänler üçin Aşgabatdaky täze koworking gurşawy gapylaryny giňden açýar.

Binanyň ikinji gatynda koworking, maslahatlary guramak, işewürlik duşuşyklaryny, treningleri hem-de ussatlyk sapaklaryny geçirmek üçin örän göwnejaý bolan üç sany giň gurşaw hödürlenýär.

Ofisiň meýdany (meeting room) — 110 m².

Maslahatlar jaýynyň (10 adamdan başlaýar) we ussatlyk sapaklary üçin otagyň meýdany — 50 m².

Koworking gurşawynyň hyzmatlarynyň hatarynda şular bar: amatly mebel bilen enjamlaşdyrylan işlemek üçin ýer, Wi-Fi aragatnaşyk toruna elýeterlilik, kabul ediş hyzmatlary, kafeteriýa, proýektorly ekran, ýekşenbe günleri noutbuk we ş.m.

Koworking üçin ofis gurşawyny we hyzmatlaryň giň toplumyny kärendesine almak barada has giňişleýin maglumatlary (+993 12) 48 61 20, (+993 71) 14 17 82 telefon belgilerine jaň edip ýa-da şu salgydan alyp bilersiňiz: Atatürk köçesiniň 61-nji jaýy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň