Hytaýyň syýahatçylyk kompaniýasy Aşgabat — Sanýa uçuşlaryny guramagy teklip etdi

12:2314.02.2024
0
42918

Hytaýyň «Hainan Weidu International Travel Co. Ltd» kompaniýasynyň wekili Rawil Rizaýew Türkmenistana eden sapary wagtynda gyzyklanýan ýerli bölümlere Aşgabatdan Sanýa şäherine (Hytaýyň Haýnan adasy) uçuşlary guramak taslamasyna garamagy teklip etdi.

«Нейтральный Туркменистан» gazetinde berilýän habara görä, wekil Haýnan mekanynyň Hytaý hökümeti tarapyndan her uçuş üçin, takmynan, 130 müň dollar subsidiýasy bilen goldanýandygyny aýtdy. Bu bolsa Türkmenistanyň we Hytaýyň raýatlary üçin ikitaraplaýyn amatly uçuş şertlerini döreder.

Haýnan kurort adasy ösen syýahatçylyk infrastrukturasy, Hytaý tropiki ýerleriniň tebigatynyň dürlüligi, arassa deňiz suwy, hytaý adaty lukmançylygy we beýlekiler bilen tapawutlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň