Özündäki maglumatlary ýok edýän fleşkany (maglumatlary ýatda saklaýjyny) şweýsariýaly oýlap tapyjy Raýan Uoker döretdi, adatdan daşary ýagdaýda ol özüni birnäçe sekundyň dowamynda otlap, ýok edýär.
Enjam žurnalistler, howpsuzlyk ulgamyny barlaýjylar üçin döredilendir. Ýagny fleşka buýruk berlen dessine platasyny 100°C çenli gyzdyryp, ýady hatardan çykarýar. Şunda ol işläp duran kompýuterine zeper ýetirmeýär diýip, Uoker gürrüň berýär.
Emma täze enjamyň ýeke-täk meselesi onuň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmak mümkinçiliginiň ýokdugydyr diýip, «Tom's Hardware» portalyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.