Top.Mail.Ru

FAO Merkezi Aziýada suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin maliýe serişdelerini bölüp berer

15:3813.02.2024
0
28016
FAO Merkezi Aziýada suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin maliýe serişdelerini bölüp berer
Surat: newscentralasia.net

Bütindünýä daşky gurşaw gaznasy (GEF) BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) umumy möçberi, takmynan ,2,9 milliard amerikan dollar deň bolan, azyk we oba hojalyk ulgamlarynyň durnukly ösdürilmegine, açlygy bes etmeklige we daşky gurşawy goramaklyga gönükdirilen 48 sany taslamasyny maliýeleşdirmek baradaky çözgüdi kabul etdi. FAO-nyň şol taslamalary 46 döwleti, şol sanda Türkmenistany hem öz içine alýar. Bu barada FAO-nyň resmi saýtynda habar berildi.

GEF-iň Geňeşi tarapyndan tassyklanan we FAO-nyň ýolbaşçylygyndaky amala aşyryljak «Merkezi Aziýanyň suw we ýer resurslarynyň arabaglanyşygy» atly maksatnama üçin 26 million amerikan dollary bölüp berler hem-de bilelikdäki meliýeleşdirmegiň hasabyna maksatnama ýene 335 million amerikan dollary gönükdiriler. Türkmenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany we Özbegistany öz içine alýan bu maksatnamanyň maksady Amyderýa we Syrderýa basseýnleriniň ekosistemalaryny dikeltmek, şeýle-de suw üpjünçiligini ýokarlandyrmak we oba ýerlerinde ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň