Soňky habarlar

Arhiw

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji aýlawyndan soňra «Galkan» liderlik edýär

10:0013.02.2024
0
23629

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji aýlawyndan soňra ýurduň sekiz gezek çempiony «Galkan» topary turnir tablisasynda liderlik edýär. Toparyň hasabynda 15 utuk bar.

Ikinji orny 12 utuk bilen «Şir» eýeläp duran bolsa, güýçli üçlügi 9 utuk bilen «Oguzhan» jemleýär.

Ýokarda ady agzalan toparlardan başga-da çempionatda «Nesil», «Watançy» we «Merdana» ýaly toparlar hem çykyş edýärler.

Ýaryşyň birinji aýlawyndan soňra iň netijeli oýunçylaryň bäsleşiginde 9 şaýba geçiren Begenç Döwletmyradow («Galkan») öňdeligi eýeläp dur.

Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji aýlawy baharda geçiriler.

Ozal habar berşimiz ýaly, hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmek üçin 13-nji fewralda Minks şäherine ugrar. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy «Raubiçi» köpugurly sport toplumynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň