Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň prezidenti, Täjigistanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň spikeri Rustam Emomali Rahmon BMG-ä Bütindünýä futbol gününi resmi taýdan bellemek baradaky kararnamany kabul etmegi teklip etdi. Bu barada «Howar» habarlar agentligi habar berýär.
Häzirki wagtda Bütindünýä futbol güni resmi däl ýagdaýda her ýylyň 10-njy dekabrynda bellenilýär.
«Futbolyň dünýä derejesindäki ornuny ykrar etmegi we Baş Assambleýanyň degişli kararnamasyny kabul edip, BMG-de Bütindünýä futbol gününi resmi taýdan bellemegi teklip edýärin» diýip, Rustam Emomali belleýär.
MAFA-nyň ýolbaşçysy özüniň wideoýüzlenmesinde futbolyň dürli milletlerden we jemgyýetçilik gatlaklaryndan bolan adamlary birleşdirýän global medeni hadysadygyny aýtdy.
Ýeri gelende bellesek, Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasy 2014-nji ýylda esaslandyryldy. Ol Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň bäş sany sebitleýin assosiasiýasynyň biri bolup durýar. MAFA-nyň ştab-kwartirasy Duşenbe şäherinde ýerleşýär.