Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýp nahaly ekiler

17:1511.02.2024
0
28462

Türkmenistanda 2024-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 3 million, şol sanda:

  • ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine we beýleki edaralara 1,5 million düýp nahalynyň;
  • welaýatlaryň häkimliklerine 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi.

Bellenilişi ýaly, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri miweli baglaryň hem-de üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini, ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Şeýle hem resminama bilen, Daşky gurşawy goramak ministrligine degişli ministrlikleri pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we üç ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şolaryň ekilişine hem-de ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň