Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň döwlet ýolbaşçylaryny gutlady

14:4211.02.2024
0
13571
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň döwlet ýolbaşçylaryny gutlady
Surat: tdh.gov.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Leszä hem-de ýurduň dostlukly halkyna täze ýylyň we tebigatyň janlanmagynyň buşlukçysy bolan Bahar baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

— Kökleri taryhyň jümmüşine uzaýan Bahar baýramy Hytaýda möhüm we giňden bellenilýän baýramdyr. Goý, ýetip gelýän täze ýyl ýurduňyzyň ähli halkyna saglyk, bagtyýarlyk we gülläp ösüş getirsin! — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen nygtap, türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyny täze belentliklere çykarmak üçin bilelikde mundan beýläk-de zerur tagallalary etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Leszä berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýokary döwlet işlerinde täze üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň