Hindistan geljek ýyl äleme kosmos gämisini uçurmakçy

15:3108.02.2024
0
26742
Hindistan geljek ýyl äleme kosmos gämisini uçurmakçy
Surat: ria.ru

Hindistanyň Kosmos barlaglary guramasy (ISRO) 2025-nji ýylyň aýagynda äleme ilkinji ekipažly milli kosmos gämisini uçurmakçy, 2035-nji ýylda bolsa ýurduň öz orbita bekedi peýda bolar diýip, TASS habar berdi.

Bu ugurdaky maksatnama «Gaganýan» diýlip at berildi, oňa görä, 2025-nji ýylda hindi astronawtlary açyk äleme çykarlar diýip, «Hindu» gazeti ISRO guramasynyň başlygy Şridhar Paniker Somnathyň sözlerini getirýär.

2018-nji ýylyň awgustynda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi öz ýurdunyň 2022-nji ýylda äleme ilkinji ekipažly kosmos gämisini uçurjakdygyny habar beripdi.

Emma koronawirus ýokanjy sebäpli bu we beýleki taslamalar soňa goýuldy.

Hindi astronawtlarynyň dördüsiniň Russiýanyň kosmos edarasynda taýýarlyk geçendigi habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň