Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TDIM-iň Halkara gatnaşyklary instituty mekdep okuwçylarynyň arasynda surat çekmek bäsleşigini yglan etdi

16:0107.02.2024
0
32451

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty mekdep okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk medeniýeti – ýaşlaryň gözi bilen» atly surat çekmek bäsleşigini yglan etdi. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.

Her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilip geçilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli guralýan bäsleşigiň esasy maksady mekdep okuwçylarynyň arasynda dünýäde parahatçylyk we howpsuzlyk baradaky düşünjeliligini we medeniýetini artdyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşige 1-11-nj synp mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, agzalan tema boýunça A3/A4 formatda çekilen suratlary 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyna çenli instituta tabşyrmaly (salgy: Galkynyş köç. 25).

Suratyň arka ýüzünde okuwçynyň familiýasy, ady, synpy, mekdebi we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilmelidir.

2024-nji ýylyň 17-nji fewralynda institutyň Baş binasynda bäsleşige hödürlenen suratlaryň sergisi geçiriler we hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň wekillerinden we beýleki agzalardan ybarat bolan eminler topary tarapyndan ýeňijiler kesgitlener.

Ýeňiji bolan okuwçylar ýadygärlik sowgatlary hem-de diplomlar bilen sylaglanar.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99363334808

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň