8-nji fewralda «Arkadag» topary Türkiýäniň Antalýa şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Wladimir Baýramowyň şägirtleriniň indiki garşydaşy horwatiýaly hünärmen Marino Puşiçden tälim alýan «Şahtýar» topary bolar.
«Şahtýor» toparynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 15:00-da başlanar. Oýun «Şahtýor» toparynyň «YouTube» platformasyndaky resmi kanalynda göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetiriler.
Ýeri gelende ýatlatsak, «Arkadag» topary okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çägindäki ilkinji oýnuny Demirgazyk Makedoniýanyň «Wardar» toparyna garşy geçirip, 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýundaky ýeke-täk gol Altymyrat Annadurdyýewiň adyna ýazyldy.
Ozal habar berşimiz ýaly, 4-nji martda başlanjak Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlyk görýän «Arkadag» topary 10-njy fewralda Ukrainanyň «Dnepr-1» kluby bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.