Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy boldy

04:2606.02.2024
0
21593

Aşgabatda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Şu mynasybetli Hytaýyň wekilçilikli topary Türkmenistana geldi. Toparyň düzüminde ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, aýdym-saz, tans sungatynyň ussatlary, akrobatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri — “Ženmin Žibao” gazetiniň, “Sinhua” habarlar agentliginiň žurnalistleri bar. Bu barada TDH habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bu çäre mynasybetli Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüne dostlukly ýurduň sungatynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar. Dabarada Medeniýet ýylynyň çäklerinde Türkmenistanda geçirilen dürli çäreleriň iki ýurduň ugurdaş ulgamynyň wekilleriniň arasynda täze, netijeli döredijilik we hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga, iki halkyň köpugurly hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga şert döredendigi bellenildi. Çykyş edenler iki döwletiň Beýik Ýüpek ýolunyň galkynan döwründen gaýdýan köpasyrlyk dostluk we düşünişmek ýörelgelerine berk ygrarlydyklaryny tassyklamak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin anyk çäreleriň durmuşa geçirilýändigi barada aýtdylar.

Çärä gatnaşyjylar türkmen we hytaý halklarynyň öňden gelýän medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen bu forumy geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa we HHR-iň Başlygy Si Szinpine çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Bu ýerde guralan konsert maksatnamasynyň çäklerinde Hançžou şäheriniň Opera we tans drama teatrynyň artistleriniň, “On iki Sýantaý” sungat toparynyň çykyşlary ýerine ýetirildi. Oňa şowhunly aýdym-sazly, tans we akrobatika çykyşlary hem girizildi. Olarda janlandyrylan keşpler diňe bir hereketler we mimika bilen däl-de, köp sanly özboluşly grim aýratynlyklary bilen hem beýan edilýär. Milli lybaslar, sazlar, özboluşly ussatlyk bilen ýerine ýetirilen akrobatik çykyşlar tomaşaçylara hytaý sungatynyň gadymy we häzirki zaman ruhuny duýmaga, sirk sungatynyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän täsin horeografiýasyna, jadylaýjy güýjüne baha bermäge mümkinçilik döretdi.
Konsert maksatnamasy “Şatlykly Hytaý Täze ýyly” kompozisiýasy bilen açyldy. Joşgunly aýdym-sazlar we tanslar tomaşa zalynda Hytaýyň däbe öwrülen Täze ýylynyň baýramçylyk gurşawyny emele getirdi. Häzirki zaman meýillerini özünde jemleýän ujy egri gadymy hytaý kirişli saz guralynda — täzeçil “erhu” görnüşde ýerine ýetirilen “Çapylýan bedewler” atly çykyşy tomaşaçylar aýratyn joşgun bilen garşyladylar. “Pipe” atly gadymy milli saz guralynda ýekelikde ýerine ýetirilen çykyş hem bu ýere gelenlerde ýakymly täsirleri galdyrdy. “Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösmegi” atly tans Merkezi Aziýanyň çäginden geçip, Ýewropa uzan, möhüm ähmiýetli medeni we söwda merkezleriniň, dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine şert döreden gadymy söwda ýolunyň beýik eýýamyny täsirli beýan etdi.

Däp bolan hytaý operasyny özünde jemleýän “Milli medeniýetiň özeni” atly çykyşy tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Tomaşaçylar «Pekin», «Henan», «Şaosin» we beýleki operalardan sahna parçalaryny synlap, Hytaýyň täsin saz sungatyna aralaşmaga mümkinçilik aldylar. Döredijiliginde däp bolan akrobatik keşpleri we täzeçil teatrlaşdyrylan sahnalary janlandyrýan artistleriň ýerine ýetirmeginde balet horeografiýasynyň nepisligini hem-de çylşyrymly tilsimlerini özünde jemleýän çykyşlar görkezildi. Gyzykly we özüne çekiji çykyşlary bilen bütin dünýäni maýyl eden hytaý sungat ussatlary türkmenistanlylara ýatdan çykmajak pursatlary bagyş etdiler hem-de tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde hytaý wekiliýetiniň agzalary Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler. Şeýle hem myhmanlar üçin Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine gezelençler göz öňünde tutuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň