Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mingazow Messiniň Gonkongdaky ýoldaşlyk oýnunda meýdança çykmandygy baradaky pikirlerini paýlaşdy

11:4305.02.2024
0
22423

Gonkongyň «Kitçi» toparynyň türkmenistanly ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow Lionell Messiniň «Inter Maýami» topary bilen «Gonkongyň ýyldyzlarynyň» arasynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda meýdança çykmandygy baradaky pikirlerini «Turkmenportal» bilen paýlaşdy.

4-nji fewralda Dewid Bekhemiň topary Gonkongda ýurduň çempionatynyň ýyldyzlaryna garşy ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Oýnuň birinji ýarymynda toparlaryň hersi bir gol urdy. Ikinji ýarymda bolsa «Inter» garşydaşynyň derwezesine ýene üç sany jogapsyz top ýollady. Türkmenistanly ýarymgoragçy Ruslan Mingazow oýny esasy düzümde başlady we arakesmede çalşyryldy. Messi, Suares we Alba oýunda meýdança çykmady, Buskets bolsa 62-nji minutda ätiýaçdan oýna goşuldy.

«Meniň pikirimçe Messi oýunda meýdança çykyp bilmeýändigi üçi lapykeç boldy. Köp janköýerler dürli ýurtlardan gelip, Messini görmek maksady bilen petek almak üçin köp pul tölediler. Ýogsam, futbola düşünmeýän adamlaryň köpüsi hem ony görmäge geldiler. Indi adamlar nägile we ol meýdança çykmansoň, petekleriň pulunyň yzyna gaýtarylmagyny talap edýärler» biletler çykmansoň yzyna gaýtarylmagyny talap edýärler» diýip, Ruslan Mingazow belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň