Türkmenistan Ýewropanyň Maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürer

06:0103.02.2024
0
22854

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýewropanyň Maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin degişli çäreleri görýär. Bu barada nobatdaky Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi diýip, TDH ýazýar.

Ministriň belleýşi ýaly, Ýewropa Bileleşigi bilen köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda Ýewropanyň maliýe institutlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berilýär.

Türkmenistan 1992-nji ýylyň 1-nji iýunyndan bäri Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň agzasy bolup durýar. Bu bank bilen ýurduň dokma senagaty, oba hojalygy, ulag, logistika pudaklarynda, hususy ulgamynda maýa goýumlary amala aşyrmak we karz serişdelerini gönükdirmek boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň maliýe serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanda 87 sany taslama amala aşyryldy. Häzirki wagtda 22 taslamany durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Lýuksemburgda «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» formatynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde nobatdaky maslahat geçirilip, onuň çägindäki duşuşyklarda Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli wekilleri Ýewropanyň Maýa goýum banky bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiligine garamagy teklip etdiler. Şeýle hem bu mesele Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň şu ýylyň ýanwarynda Aşgabada bolan sapary mahalynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýewropanyň Maýa goýum banky 1958-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigine girýän 27 döwlet bu bankyň paýdarlary bolup durýar. Bank dünýäniň 160 döwleti, bank edaralary, BMG we beýleki halkara guramalar, jemgyýetçilik düzümleri, hususy ulgam bilen hyzmatdaşlyk edýär. Onuň maýa goýumlary we karz serişdeleri, esasan, daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi, innowasiýalar, sanly ulgam, adam maýasynyň ösdürilmegi, kiçi we orta telekeçiligi, durnukly şäherler we sebitler, energiýa, durnukly ulag ýaly ugurlara gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, hususan-da, Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasyna degişli gepleşikleri geçirmek ýaly meseleler boýunça teklipler beýan edildi. Munuň özi Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berer, Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropa döwletleriniň maýa goýumlaryny Türkmenistanda amala aşyrylýan möhüm ykdysady taslamalara çekmegiň goşmaça guraly bolup hyzmat eder.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara banklar we maliýe guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýändigini, amatly şertlerde karzlary, maýa goýumlary çekmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirýändigini belledi.

Döwlet Baştutany şular barada aýtmak bilen, wise-premýer, daşary işler ministrine Türkmenistan bilen Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegi, ýurtda durmuşa geçirilýän taslamalara bu halkara bankyň maýa goýumlaryny çekmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň