«Türkmenistan» awiakompaniýasy turkmenistanairlines.tm resmi web saýtynda Jidda (Saud Arabystany) hem-de Hoşimin (Wýetnam) şäherlerine howa gatnawlarynyň awiapetekleriniň onlaýn-satuwyny ýola goýdy.
Aşgabat — Jidda ugrunyň awiapeteginiň bahasy — 4322,5 TMT, yzyna amala aşyrylýan gatnawyň (Jidda — Aşgabat) awiapeteginiň bahasy bolsa — 4383 TMT barabardyr. Bu howa gatnawlary 16-njy fewraldan başlap, hepdede 2 gezek tertibinde ýola goýlar.
Aşgabat — Hoşimin ugrunyň awiapeteginiň bahasy — 6002,5 TMT, yzyna amala aşyrylýan gatnawyň bahasy — 6047,5 TMT diýlip kesgitlenen. Bu ugurlar boýunça howa gatnawlary 5-nji martdan başlap, hepdede 2 gezek ýerine ýetiriler.
Şeýle-de «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň saýtynda ýakynda Abu-Dabi (BAE), Kuala-Lumpur (Malaýziýa) hem-de Milan (Italiýa) şäherlerine howa gatnawynyň petekleriniň onlaýn-satuwy elýeterli boldy.
Awiapetekleri «Altyn asyr» bank kartlaryndan töleg geçirmek arkaly satyn alyp bolýar.