Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMGÖM Türkmenistana PZR mobil barlaghanasyny berdi

23:2031.01.2024
0
24348
BMGÖM Türkmenistana PZR mobil barlaghanasyny berdi
Surat: newscentralasia.net

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistanda COVID-19-a jogap» taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine häzirki zaman PZR mobil barlaghanasyny gowşurdy.

Ýokanç keselleri anyklamak boýunça barlaglary geçirmäge niýetlenen göçme laboratoriýa Döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň işini bökdençsiz alyp barmagyna ýardam eder. Mobil barlaghana toplumy, täze, şübheli we howply ýokanç keselleriň döremek ähtimallygy ýüze çykan ýagdaýynda olary çalt anyklamaga, şeýle hem bu ugurda çylşyrymly PZR synaglarynyň netijelerini çalt taýýarlamaga mümkinçilik döreder.

PZR mobil barlaghanasyny üçünji biologiki howpsuzlyk toparyna (BSL-III) laýyk gelýär we Türkmenistanyň iň çetki künjeklerinde hem özbaşdak işlemek üçin niýetlenendir. Bu toplum molekulýar diagnostika, özbaşdak durmuşy goldaýan ulgamlar we aýratyn howa çalşygy ulgamy üçin öňdebaryjy barlaghana enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň