Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

RŽD Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär

17:5731.01.2024
0
32368

Russiýa Federasiýasynyň «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» (RŽD) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanda öz wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada TASS habar berýär.

Habarda bellenilişine görä, RŽD-niň wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň dowamynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

Gepleşikde taraplar Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Gyzylarbatdaky awtoulag abatlaýyş zawodynyň durkuny täzelemek we ýeke-täk logistika operatory döretmek meselesi boýunça pikir alyşdylar. Mundan başga-da, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin, Russiýanyň demirýol edarasynyň Türkmenistanda wekilhanasyny açmak we Russiýanyň Demirýollary korporatiw uniwersitetinde türkmen demirýol işgärlerini taýýarlamak, Arkadag we Aşgabat şäherlerini birleşdirjek Türkmenistanda ilkinji elektrik otlynyň gatnawyny ýola goýmak ýaly meselelere garadylar.

Türkmenistanda RŽD-niň wekilhanasynyň açylmagy ulag-logistika pudagynda netijeli türkmen-rus gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin şert döreder.

TASS Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarowyň bu baradaky pikirlerini hem paýlaşdy: «2022-nji ýylda «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» (RŽD) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Türkmendemirýollary» agentliginiň arasynda 2023-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekilipdi. Ol taraplaryň arasynda giň gerimli hyzmatdaşlygy öz içine alýar. «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» hünärmenleri taýýarlamakda, önümçilik tapgyrlaryny sanlaşdyrmakda, ulag geçelgelerini, şol sanda halkara gatnawlaryny ösdürmek üçin logistika pudagynda işlemekde, şeýle hem türkmen demirýollaryny elektrikleşdirmekde türkmen tarapyna ýardam eder».

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň