Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Bütindünýä poçta birleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

12:5831.01.2024
0
24626
Türkmenistan Bütindünýä poçta birleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Surat: tca.gov.tm

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew Bütindünýä poçta birleşiginiň Baş direktory Masahiko Metoki bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Şweýsariýadaky ilçihanasy habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek mümkinçilikleri, şeýle hem aýratyn ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar. Bellenişi ýaly, Bütindünýä poçta birleşigi BMG-niň düzümindäki iň gadymy düzümleýin edaralaryň biridir.

1874-nji ýylda döredilen Bütindünýä poçta birleşigi soňra BMG-niň düzümine girizildi. Gurama birnäçe teklipleri hödürläp, dürli döwlatara geleşiklerinde araçy bolup çykyş edýär hem-de poçta ibermelerinde tehniki geňeşçi hyzmatyny ýerine ýetirýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň