Ilon Maskyň «Neuralink» kompaniýasy ilkinji gezek adam beýnisine implant girizdi

09:3730.01.2024
0
19025

Ilon Maskyň «Neuralink» neýrotehnologik kompaniýasy lukmançylyk ylmynda uly öňegidişligi amala aşyrdy. Kompaniýa 28-nji ýanwarda adam beýnisine implant girizmegi başardy. Operasiýa üstünlikli geçip, häzir müşderi hiç hili kynçylyk çekmezden özüne gelýär. Bu barada telekeçiniň sosial media ulgamyndaky sahypasyna salgylanyp, TASS habar berýär.

«Neuralink» kompaniýasynyň «Telepathy» diýlip atlandyrylýan ilkinji önümi adamlara kompýuterlere we telefonlara pikirleri bilen gözegçilik etmäge mümkinçilik berer. Ilki bilen, bu ulgam el-aýaklaryny hereketlendirmek ukybyndan mahrum bolan mümkinçiligi çäkli adamlar üçin niýetlenendir.

«Göz öňüne getirip görüň, Stiwen Hoking öz pikirlerini ýokary tizlikli tekst ýygyjylaryndan ýa-da auksionçydan hem basym beýan edip bilerdi. Maksadymyz şunuň ýaly», — diýip, Mask düşündirýär.

Ilon Mask şeýle neýrointerfeýsleriň adama emeli aňa garşy durmaga ukyply kiborg bolmak üçin mümkinçilik döretjekdigine ynanýar. Şeýle hem, ol bu ulgamyň adamlara kompýuteri gönüden-göni pikirleri bilen dolandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň