Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçisi Leningradyň gabawynyň doly syndyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy

16:2529.01.2024
0
26940

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Sankt-Peterburgda geçirilen Leningradyň gabawynyň doly syndyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda habar berildi.

Diplomat Piskarewskoý gonamçylygyndaky rus we türkmen dillerinde: «Leningrad söweşlerinde şehit bolan Türkmenistanyň gahrymanlaryna ebedi ýadygärlik» diýen ýazgy ýerleşdirilen ýadygärlik nyşanyna gül goýdy. Çärä gatnaşyjylar gahrymanlarça wepat bolan gerçekleri ýatlap, «Ata Watan» ýadygärliginiň öňünde baş egip, tagzym etdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň ilçisi «Gazprom Arena» stadionynda geçirilen rus medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmegindäki baýramçylyk konsertine gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň