Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we BAE durnukly suw çözgütlerini işläp düzmek boýunça gepleşikler geçirýär

13:4829.01.2024
0
25619

Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) durnukly suw çözgütlerini işläp düzmek üçin işjeň gepleşikler geçirýär. Bu hyzmatdaşlyk iki ýurt üçin hem möhümdir, sebäbi gurak klimatly sebitlerde suw baýlyklaryny dolandyrmakda şuňa meňzeş kynçylyklar ýüze çykýar.

«nCa» berýän habaryna görä, «Sustainable Water Solutions» (Abu Dabi) kompaniýasynyň baş dolandyryjy müdiri Ahmed Al-Şamsi Türkmenistana geldi.

Aşgabatda Al-Şamsiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet oba hojalygy, daşky gurşaw, maýa goýum we energiýa pudaklarynda ýokary derejeli ýerli wekiller bilen iki ýurduň arasynda durnukly suw pudagynda hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklary ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin birnäçe gepleşik geçirdi. Hususan-da, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew, Türkmenistanyň energetika ministri A.Saparow, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň D.Genjiýew bilen duşuşyklar boldy.

Duşuşyklara BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hameli hem gatnaşdy.

Türkmenistanda suwy tygşytly peýdalanmak meseleleriniň çözülmeginiň, umuman, ýurduň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bellemelidiris. Ýurtda süýji suwuň täze çeşmeleri yzygiderli gözlenilýär we suw howdanlarynyň, suwaryş ulgamlarynyň hem-de ilat üçin suw üpjünçilik ulgamlarynyň ýeterlik ýagdaýyny üpjün etmek üçin çäreler görülýär diýlip, habarda bellenilýär.

«Sustainable Water Solutions» holding kompaniýasynyň merkezi Abu-Dabide ýerleşýär. Kompaniýa dürli pudaklaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin dünýä standartlaryna laýyklykda iň täze çözgütleri işläp düzmek baradaky borçnamasynyň bir bölegi hökmünde innowasion suw dolandyryş çözgütleri bilen üpjün etmegi maksat edinýär. Kompaniýa tebigy suw baýlyklarynyň azalmagyny gözegçilikde saklamak we tygşytly peýdalanmagy ýokarlandyrmak boýunça iş alyp barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň