Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

26-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

07:5026.01.2024
0
22245

Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryny Respublika güni mynasybetli gutlady, Aşgabatda Türkiýäniň täze ilçisiniň metbugat maslahaty geçirildi, «Ahalyň» tälimçileri ýaş futbolçylar üçin açyk ussatlyk sapagyny geçirerler we beýleki habarlar


Türkmenistanda


1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

2. Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirokyň gatnaşmagynda Aşgabatda metbugat ýygnagy geçirildi we onuň barşynda diplomat iki ýurduň arasynda söwda dolanyşygyny 5 milliard amerikan dollaryna çenli artdyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny mälim etdi. Diplomat Türkmenistanyň gurluşyk ulgamynyň ösmegine türk kompaniýalarynyň goşandyny nygtady. 2023-nji ýylda türk potratçylarynyň Türkmenistanda 3,2 milliard dollarlyk 7 täze taslamany ýerine ýetirendigi bellenildi. Häzirki wagtda 4,4 milliard dollarlyk 21 taslama durmuşa geçirilýär.

3. Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew Deňiz we derýa floty institutynyň müdiri Ilýas Salahow bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar türkmen hünärmenlerini deňiz we derýa ulaglary boýunça taýýarlamagyň hem-de gaýtadan taýýarlamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Salahow Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Hazar deňzindäki möhüm ornuny we munuň degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýändigini belläp geçdi. Garaýew Hazar deňziniň üsti bilen ulag aragatnaşygynyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

4. Astana şäherindäki Ýewraziýa milli uniwersitetinde Türkmenistanyň ilçisi Batyr Rejepow umumy sapak geçdi. Ol Türkmenistanyň ýaşlar syýasatyna bagyşlandy we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň çäklerinde geçirildi. Ilçi çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlar syýasatyna aýratyn üns berýändigi barada gürrüň berdi, şeýle hem döwlet Baştutanynyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyny tanyşdyrdy.

5. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti abraýly «THE Awards Asia-2024» baýragyna dalaşgärlige hödürlendi. Bu baýrak uniwersitetleriň akademiki ylym, ýolbaşçylyk, dolandyryş we hünär hyzmatlary ýaly dürli ugurlar boýunça alyp barýan işlerini ykrar edýär. Altynjy gezek gowşurylýan bu baýraga şu ýyl 17 ýurtdan 80 finalçy dalaş edýär. Bu ýyl uniwersitetlerdäki alnyp barylýan işleriň ähli görnüşlerini öz içine alýan 10 ugur boýunça 600-den gowrak ýüz tutmalar kabul edildi. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «Talyplary çekmek boýunça ýylyň çäresi» ugry boýunça sanawyň sekizligine girmegi başardy.

Dünýäde

6. Linkolnşir graflygyndaky ýabany tebigatyň haýwanat bagynda paýyş sözleri aýtmagy öwrenen sekiz sany totyguş gaýtadan terbiýelenmek üçin başga bir sürä iberiler. Geçen ýyl haýwanat bagy örän gödek sözler bilen gürleýändigi üçin totyguşlaryň bäşisini bu ýere gelýän myhmanlardan çetleşdirmäge mejbur boldy. Bu ýyl haýwanat bagy başgaça çemeleşmäni ulanmak kararyna geldi. Ozalky bäş sany ýelekli «edepsizler» we täzelikde sögünmegi öwrenen üç sany guş 92 sany ses-üýnsüz oturan totyguş sürüsine goşular.

7. Kazanda «Global Fest» atly daşary ýurt medeniýetleriniň ilkinji festiwaly geçiriler. Bu çäre dünýäniň medeni köpdürlüligine bagyşlanar. Festiwala Kazandaky ýokary okuw mekdeplerinde okaýan daşary ýurtly talyplar gatnaşarlar. Ol özleriniň däp-dessurlary, adatlary we medeniýeti hakynda gürrüň berýän döredijilik çykyşlary arkaly öz ýurtlaryna wekilçilik ederler. Çäräniň dowamynda tanslar, sazlar, aýdymlar, teatr çykyşlary we ussatlyk sapaklary ýerine ýetiriler.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy futzal boýunça Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşar. Bäsleşik 2 – 12-nji fewral aralygynda Duşenbe şäherinde sebitiň bäş sany zenan toparlarynyň arasynda geçiriler. Türkmenistanyň toparyndan başga-da, aýlaw ulgamynda geçiriljek ýaryşa Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlary gatnaşarlar. Iň köp utuk gazanan topar ýaryşyň ýeňijisi hökmünde saýlanar.

9. «Ahal» futbol toparynyň tälimçileri we oýunçylary 28-nji ýanwarda 7 – 12 ýaş aralygyndaky ýaş futbolçylar üçin ussatlyk sapagyny geçirerler. Çäre «Aşgabat» stadionynyň meýdançasynda «Ýaş futbolçylar, siz biziň geljegimiz!» şygary astynda geçiriler. Guramaçylar ene-atalara ussatlyk synpynyň açyk howada geçiriljekdigini ýatladýarlar, şonuň üçin çagalary howa görä ýyly geýindirmek möhümdir. Çäräniň dowamynda professional tälimçiler tejribelerini paýlaşarlar we ýaş türgenlere peýdaly maslahatlar bererler, şeýle hem olar üçin türgenleşik geçirerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň