Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Britaniýanyň haýwanat bagy sögýän totyguşlary terbiýelemäge synanyşýar

10:5025.01.2024
0
23689

Linkolnşir graflygynyň ýabany tebigat haýwanat bagynda paýynç sözleri aýtmagy öwrenen sekiz sany totyguş gaýtadan terbiýelenmek üçin başga bir sürä iberiler. Geçen ýyl haýwanat bagy örän gödek sözler bilen gürleýändigi üçin totyguşlaryň bäşisini bu ýere gelýän myhmanlardan çetleşdirmäge mejbur boldy. Bu barada BBC habarlar agentligine salgylanýan Daily.afisha.ru web saýty habar berýär.

Bu ýyl haýwanat bagy munuň başgaça ýollaryny tapmaga synanyşýar. Ozalky bäş sany özdiýenli ýelekli we täzelikde sögmegi öwrenen üç sany guş 92 sany ses-üýnsüz oturan totyguş sürüsine goşular.

Haýwanat bagy bu sekiz sany totyguş hem edil beýlekileriň arasynda bolmak bilen, durmuşdaky ýakymly seslere, mysal üçin awtoulagyň sesine öýkünmegi öwrener diýip umyt edýär. Şeýle-de bolsa, galan 92 guşuň hem goh turzup, şondan soň bolsa ol ýere diňe uly guşlary girizmeli boljagyndan heder edýär.

Bagyň direktory Stiw Nikolsyň belleýşi ýaly, uzak wagtlap çetleşdirilýändigine garamazdan, bu bäş guşuň sürä asuda ornaşýandyklaryny, emma kämahal sögýandiklerini, sözlerine gülünýänini eşidip gülýändiklerini belleýär.

«Biz olary gaty köp ses eşidilýän ýere ýerleşdirdik. Bu ýerde derwezelerden başlap gapylara çenli, gülki sesleri we jübi telefonlarynyň sazlaryna çenli eşidilýär» — diýip, Nikols belleýär.

Totyguşlar eşidýän seslerini takyk gaýtalaýarlar, şonuň üçinem haýwanat bagynyň başlygy bu barada şeýle belleýär: «Olaryň altysy erkek kişiniň sesini, ikisi bolsa aýal maşgalanyň sesini edýär. Sögýän mahallary bolsa olaryň sesleri örän ýakymsyz bolup eşidilýär».

Afrikanyň çal totyguşlary — uly sürülerde (1000 guşa çenli) ýaşaýan, sosial taýdan tapawutly ösen haýwanlardyr. Olaryň aňyny maýmynlar, kitler we delfinler bilen deňeşdirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň