Soňky habarlar

Arhiw

«Rowachlan Galkynysh» türkmen kärhanasy eksport üçin big-beg gaplaryny öndürýär

10:2925.01.2024
1
26939

«Rowachlan Galkynysh» türkmen hususy kärhanasy big-beg haltalaryny — «Rowachpack» haryt nyşanly ýumşak polipropilen konteýnerleri öndürýär we eksport edýär.

Big-beg görnüşindäki ýumşak gaplar özüne 300 — 3000 kg çenli agramy sygdyryp, süýşürmek üçin ýörite göteriji gysgyçlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Olar azyk önümleri, gurluşyk materiallary, oba hojalyk we dokma önümleri ýaly ürgün materiallary gaplamak we daşamak üçin ulanylýar.

Özboluşly aýratynlyklaryna görä, big-begler amatly we ygtybarly gaplama materialydyr. Olar berk, ýeňil, çeýe hem-de aňsat eplenilýär. Gaplamak elastik we suw geçirmeýän görnüşde bolansoň, ürgün ýükleri çyglylykdan hem-de daşarky täsirlerden goraýar.

«Rowachlan Galkynysh» kärhanasynyň önümleri berklik we agyr ýükeleme durnuklylyk barlaglaryndan geçendir. Muny kärhananyň degişli şahadatnamalary hem tassyklaýar.

Müşderiniň isleglerine laýyklykda, konteýnerleri islendik reňkde ýa-da flýuorografiki çap esasynda öndürip bolýar.

Kärhananyň öz önümlerini Russiýa we Gazagystana eksport edýändigini, şeýle hem ABŞ we Ýewropa ýurtlaryna eksport etmegi meýilleşdirýändigini ýatladýarys.

«Rowachlan Galkynysh» Türkmenistanda gaplamak üçin niýetlenen gaplary öndürýän öňdebaryjy kärhanalaryň biridir. Kärhananyň assortimentinde «Rowachpack» haryt nyşanly uly big-beg polipropilen haltalary hem-de «ýeňler» bar.

«Rowachlan Galkynysh» HK-nyň habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • telefon belgileri: (+993 62) 29 29 69 hem-de (+993 12) 29 29 69;
  • elektron poçtasynyň salgysy: rowachpack@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň