Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen diplomaty GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ykdysady meseleler boýunça komissiýasynyň mejlisine gatnaşdy

23:2323.01.2024
0
15673
Türkmen diplomaty GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ykdysady meseleler boýunça komissiýasynyň mejlisine gatnaşdy
Surat: cis.minsk.by

Şu gün Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ykdysady meseleler boýunça komissiýasyndaky Türkmenistanyň doly ygtyýarly wekili Esen Aýdogdyýew komissiýanyň Moskwada geçirilen ilkinji mejlisine gatnaşdy.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň doly ygtyýarly wekili Wladimir Worobýow ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda GDA agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk bölümi hasabat berýär.

Duşuşykda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň wideoçykyşy boldy.

Beýleki meseleleriň arasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüş strategiýasynyň birinji tapgyryny (2021 — 2025) durmuşa geçirmek üçin hereket meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine garaldy. Bu meýilnama hyzmatdaşlygyň 28 ugruny göz öňünde tutýar we Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de çuňlaşdyrmaga gönükdirilen 286 çäräni öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň