Hytaýda emeli aň oba hojalygy ösdürmäge kömek edýär

09:5123.01.2024
0
18966
Hytaýda emeli aň oba hojalygy ösdürmäge kömek edýär
Surat: techcrunch.com

Hytaýda ekin meýdanlaryny sürüjisiz traktorlar bilen sürýärler. Oba hojalyk tehnikasyny emeli aň dolandyrýar diýip, «24KZ» ýazýar.

Traktorlar adamlar tarapyndan uzak aralykdan dolandyrylýar. Onuň ýörite dolandyryş merkezine birleşdirilen kameralary bar. Olar ýeriň gurluşy, topragyň çyglylygy we beýleki maglumatlary dolandyryş merkezine ýollaýarlar.

Soňra traktorlary kesgitli işlere ugrukdyrýarlar. Täze tehnologiýalary ýurduň Szýansu ülkesinde işjeň durmuşa ornaşdyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň