Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň nebit ministri Türkmenistanda saparda bolýar

20:3718.01.2024
0
19311

Eýranyň nebit ministri Jawad Owji iki günlük Aşgabatda saparda bolup, Türkmenistan bilen gaz we nebit önümleriniň söwdasy, inženerçilik-tehniki hyzmatlary we nebit enjamlarynyň eksporty boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gepleşikler geçirdi. Bu barada IRNA gullugy Eýranyň nebit we gaz bölümine salgylanyp habar berýär.

Çeşmäniň habaryna görä, Eýran wekiliýetiniň düzümine ýurduň milli gaz kompaniýasynyň baş müdiri we ýangyç-energetika pudagynyň beýleki işgärler hem girdi.

Jawad Owji şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy we oňa Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny ýetirdi.

Eýranyň nebit ministri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem gepleşik geçirdi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň