Soňky habarlar

Arhiw

IT CAMP — «ORLAN» kompaniýasynyň öwreniji programmistler üçin täze taslamasy

16:5817.01.2024
0
35381

«ORLAN» kompaniýasy programmirleme işini täze gyzyklanyp başlan programmistleri hünär taýdan kämilleşdirmäge gönükdirilen täze IT CAMP taslamasyny ýola goýýar. Bu taslamanyň çäklerinde Açyk gapylar güni geçirilip, onda gatnaşmaga isleg bildirýänleriň ählisi halypalaryň ugrukdyrjak mowzuk maksatnamasy bilen tanşyp bilerler.

Açyk gapylar güni 5-nji fewrala çenli her gün geçirilýär. Bu ýere gelýänler IT CAMP taslamasynyň maksatnamasy bilen tanşyp hem-de tanyşdyryş dabarasyna tölegsiz gatnaşyp bilerler. Açyk gapylar gününe gatnaşmak üçin deslapdan hasaba alynmak zerurdyr. Çäreler «ORLAN» kompaniýasynyň şu salgyda ýerleşýän ofisinde geçiriler: Aşgabat ş., «Rysgal» işewürlik merkezi, 8-nji gat, 810-njy ofis.

Çäräniň geçirilýän wagty: 16:00-dan 17:00-a hem-de 19:00-dan 20:00-a çenli.

Ýazylmak üçin telefon belgileri: (+993 63) 59 79 90, (+993 63) 10 59 21.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

IT CAMP taslamasynyň maksatnamasy şu modullary öz içine alýar:

- programmirlemek (Frontend we Backend);
- botlary, oýunlary, uýgunlaşdyrylan saýtlary, messenjerleri döretmek;
- data seljerme, algoritmiki meseleleri çözmek;
- öz emeli aňyňy (AI) döretmek.

Halypalaryň alyp barýan işi tejribä (80%) we teoriýa (20%) esaslanýar. Bu ýerdäki halypalar — halkara derejeli tejribeli bilermenlerdir.

Taslamanyň aýratynlygy işiň we işewürligiň ähli ugurlarynda uly isleg bildirilýän, tiz ösýän emeli aň ulgamynda amaly başarnyklary özleşdirmäge mümkinçilik berýänligidir.

Taslamanyň çäklerinde geljekde degişli ugurdan işe girmegi ýeňilleşdirýän üstünlikli söhbetdeşlik geçirmek barada trening geçiler. Mundan başga-da, kompaniýanyň beýleki treninglary üçin arzanladyşlar göz öňünde tutulandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň