Soňky habarlar

Arhiw

Žoze Mourinýo «Romanyň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

13:4516.01.2024
0
16513

«Roma» baş tälimçi Žoze Mourinýo bilen şertnamanyň ýatyrylandygyny habar berdi. Bu barada rimli futbol klubuň metbugat gullugy tarapyndan berlen beýanatda mälim edildi.

Bellenilişi ýaly, 60 ýaşly hünärmeniň wezipesinden gitmegi baradaky karar klubuň bähbidi üçin kabul edildi. «Žozä we kömekçilerine eden işleri üçin sag bolsun aýdýarys we olara üstünlik arzuw edýäris» diýlip, beýanatda aýdylýar.

Portugaliýaly tälimçi «Romanyň» tälimçisi wezipesine 2021-nji ýylyň tomsunda bellenilipdi. Ondan öň ol «Mançester Ýunaýted», «Tottenhem», «Çelsi», «Real Madrid», «Inter» we «Porto» ýaly klublarda tälimçilik edipdi.

Rimiň kluby ýakyn wagtda topara täze baş tälimçi bellär. Häzirki wagtda topar 20 oýundan soň «Serie A»-da 9-njy orunda ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň