Şu gün — 11-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş sapary bilen baryp, şol ýerde welaýatyň häkiminiň we häkimiň medeniýet boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, iş maslahatynyň barşynda welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we sebitiň oba hojalyk ulgamyna häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň hasyllylygyny, pagtanyň we bugdaýyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, şol bir wagtyň özünde, önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamak meseleleri iş maslahatynda garalan esasy ugurlar boldy.
Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmagy, ýurduň dokma senagatynyň esasy çig mal binýady bolup durýan pagtadan alynýan hasylyň artdyrylmagy, bu ugurda welaýat häkimliginiň etraplar bilen ysnyşykly iş alyp barmagynyň wajypdygy barada birnäçe öwüt-ündewlerini berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynda şeýle-de metbugat serişdelerinde, tele we radioýaýlymlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli habarlaryň taýýarlanmagyna, özüne çekiji gepleşikleriň guralmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.