«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary «Ýylan» gaz käniniň 2-nji buraw guýusynda senagat gaz akymyny aldylar. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, guýuda her gün düzüminde kükürtli wodorod bolmadyk 820 müň kub metrden gowrak arassa gaz öndürilýär. Senagat taýdan ähmiýetli bolan mawy ýangyjyň akymy 2856 metrden 2852 metre çenli çuňlukda alyndy.
Täze guýudan öndürilen gaz arassalygy boýunça halkara ülňülere laýyk gelýär we düzüminde zyýanly garyndylar ýokdur. Bu bolsa onuň ulanylyşynyň ýokary ykdysady netijeliligini kepillendirýär.