Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky moda sergisiniň soňky güni geçirildi

21:1809.01.2024
0
25230

Şu gün Aşgabat moda öýünde türkmen paýtagtynyň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşulmagyna bagyşlanan jemleýji moda görkezişleri geçirildi.

Bu gün bu ýerde türkmen milli halylarynyň we haly önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Çäräniň çäginde «Mähirli Zenan», «Nur Ýüpek», «Peýker» we «Aşgabat» moda öýleriniň taýýarlan milli lybaslarynyň bilelikdäki sergisi geçirildi. Bilelikdäki serginiň dowamynda her moda öýi üç sany ýörite tikilen lybasy hödürledi.

Saz kompozisiýalary we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky jaz orkestriniň çykyşy moda forumyna bezeg berdi.

Çäre gatnaşyjylaryň we hyzmatdaşlaryň ählisine şahadatnamalaryň we ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy bilen tamamlandy.

Mundan ozal Aşgabatda ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky moda sergisiniň ikinji gününiň geçirilendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň