Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy täze — 2024-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Raýew öz iberen hatynda TÜRKSOÝ-yň döwlet Baştutanynyň türki dünýäniň çäklerinde hyzmatdaşlygy we medeni alyşmalary ösdürmek boýunça tagallalaryna, türki döwletleriň arasynda doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygyna ýokary baha berýändigini aýtdy.
Pursatdan peýdalanyp, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Serdar Berdimuhamedowa iň ýakymly gutlaglaryny, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

