Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ÝDU Ýerewanda Magtymguly adyndaky Türkmen dili merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi

10:4303.01.2024
0
29925

Türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda Ýerewan döwlet uniwersiteti gündogary öwreniş fakultetiniň binýadynda Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän Türkmenistanyň türkmen dili, taryhy we medeniýeti merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi.

Ýerewan döwlet uniwersitetiniň türkologiýa kafedrasynyň müdiri professor Aleksandr Safarýanyň «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň sahypalarynda habar berşi ýaly, täze merkez türkmen halkynyň öwrenilmegine hem-de ermeni we türkmen ýazyjylarynyň arabaglanyşygyny güýçlendirmäge itergi berer.

Safarýanyň bellemegine görä, Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän Türkmen dili, taryhy we medeniýet merkezi Ýerewan döwlet uniwersiteti bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň çäginde dörediler.

— Ýetip gelýän 2024-nji ýylda Ermenistanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan täze ylmy işler we onuň eserleriniň dünýäniň dürli dillerine edilen terjimeleri çap ediler. Elbetde, Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky bähbitli, esasanam ylmy ugurdaky hyzmatdaşlyk täze ylmy neşirler we täze terjimeler ýygyndysy görnüşinde önjeýli netijeleri bermegini dowam eder — diýip, ermeni professory nygtaýar.

Ozal 2024-nji ýylyň Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň