Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy hem-de 2023-nji ýylynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda yglan edilen «Watan diňe halky bilen Watandyr!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi we ýeňijiler yglan edildi.
Bäsleşigiň makalalar ugry boýunça «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň mehanigi, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy M.Haýtgulyýew, Köýtendag etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy O.Temirow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap geňeşiniň baş hünärmeni E.Nyýazow degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp boldular.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby H.Hasanowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Ş.Hudaýnazarow we Dänew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň mugallymy G.Joraýewa bäsleşigiň hekaýalar ugry boýunça degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler.
Bäsleşigiň goşgular ugry boýunça Halaç etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy E.Çaryýew, Hojambaz etrabynyň Mekan geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner B.Şalyýew, Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner B.Böriýew degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp boldular.
Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldylar. Bu barada Jeyhun.news ýazýar.