Kino ýyldyzy Brýus Uillisiň aýaly Emma Heming-Uillis onuň bile palma agajynyň saýasynda düşen täze suratlaryny sosial ulgamdaky sahypasynda çap etdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
«Biz 16 ýyl bäri bile, meniň oňa söýgüm we hormatym ýylsaýyn artýar» diýip, aýaly ýazdy.
Aktýor geljekki aýaly Emma Heming bilen 2007-nji ýylda tanyşdylar, iki ýyldan soň goş birikdirdiler.
«Berk hozjagaz» we «Bäşinji element» filmleriniň ýyldyzy Uillis afaziýa, ýagny newrologik keseli bilen baglylykda, kinodaky işini tamamlady, onda maňlaý-çekge demensiýasyny tapdylar.
Brýus Uillis 150 töweregi filmde we serialda surata düşdi.