Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýeti, ylmy, medeniýeti, sungaty, bilimi we saglygy goraýşy hem-de beýleki pudaklary yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, ýurduň goranmak ukybyny pugtalandyrmakda, howpsuzlygy, hukuk tertibini we kanunçylygy üpjün etmekde, şeýle hem türkmen sportunyň halkara abraýyny belende göterip, şöhratyny ýokarlandyrmakda, sport boýunça okuw-türgenleşik hem-de terbiýeçilik işlerini döwrebap ýola goýmakda, sport toparlaryny taýýarlamakda goşan şahsy goşandy, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işi, halal we göreldeli zähmeti, gazanan ýokary netijeleri, hünär ussatlyklary nazara alnyp, şeýle hem 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurduň birnäçe raýatlary Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy:
- 80238-nji harby bölümiň anesteziologiýa we reanimasiýa bölümçesiniň müdiri Guwançmuhammet Öwlýäguly ogly Orazow;
- Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurorynyň kazyýetiň kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik ugry boýunça uly kömekçisi Bibigül Baýramgulyýewna Ýagşymädowa;
- Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň müdiri Döwran Myratberdiýewiç Amanmyradow;
- Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Sanly howpsuzlyk we awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamlary müdirliginiň müdiri Muhammetmyrat Atadžanowiç Geldiýew;
- Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň 9-njy müdirliginiň 4-nji bölüminiň 1-nji bölümçesiniň uly dessin ygtyýarly wekili Goçmyrat Altymyradowiç Jumanyýazow;
- Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň merkezi edarasynyň baş karargähiniň Aragatnaşyk we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamy müdirliginiň maglumat dolandyryş bölüminiň maglumat tehnologiýasy bölümçesiniň uly hünärmeni Nazar Feruz ogly Azimow;
- Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy Geldimuhammet Muhammetgeldiýewiç Çaryýew;
- Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärler bölüminiň gözegçisi Mežnun Allamyradowiç Öräýew;
- Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň merkezi edarasynyň raýatlyk bölüminiň gözegçisi Yrsgal Döwletowiç Rasulow.
- Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň kömekçisi Begmyrat Gurbangeldiýewiç Baýmetow;
- Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň önümçilik-tehniki bölüminiň hünärmeni Jahan Maksatmyradowna Annaberdiýewa;
- Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Lebap welaýatynyň Halaç etrap maliýe we ykdysadyýet bölüminiň oba hojalygyň we senagatyň ösüşi bölümçesiniň hünärmeni Rozymyrat Haiýtmuradowiç Medow;
- Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň maliýe monitoring bölüminiň müdiri Begmyrat Baýramdurdyýewiç Kakalyýew;
- «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologiki maglumatlar merkeziniň guýy maglumatlary toparynyň başlygy Arslan Awezmyradowiç Annamyradow;
- «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän 1-nji sehiniň desga başlygy Şaguly Durdygylyjowiç Hojaýew;
- Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Usulyýet, nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirliginiň gurluşyk materiallarynyň we zähmet boýunça harçlamalaryň ölçegleri bölüminiň başlygy Didarberdi Rejepmyradowiç Mätiýew;
- Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory Abdylla Rahmanowiç Döwletow;
- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň sanly ulgam, maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni Kerim Serdarowiç Muhammetdurdyýew;
- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça ulag gözegçiligi gullugynyň ýollar boýunça gözegçisi Nowruz Allanurowiç Ataýew;
- Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň ýer kadastry we geomaglumat tehnologiýalar ulgamyny dolandyryş bölüminiň başlygy Gowşut Täçmyradowiç Şadurdyýew;
- «Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Azat Orazgeldiýewiç Anzarow;
- «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň direktory we esaslandyryjysy Gündogdy Gurbangeldiýewiç Atakow;
- Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň okuw bölüminiň önümçilik tejribe okuwynyň ýolbaşçysy Pirmyrat Geldimyradowiç Gurbanow;
- Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň himiýa mugallymy Nazar Muhammetdurdyýewiç Mämmedow;
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň müdiriniň endokrinologiýa toplumy boýunça orunbasary Sapar Myratowiç Gurbanow;
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň ortopediýa bölüminiň ortoped lukmany Izzat Rustamowiç Rozmetow;
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasynyň inžener-fizigi Ylýas Nazarmedowiç Saparow;
- Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary barlaghanasynyň ylmy işgäri Berdi Rahmanberdiýewiç Berdiýew;
- Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy Selbi Gylyjowna Iomudowa;
- Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň 1-nji derejeli drama artisti Ahmet Batyrowiç Amandurdyýew;
- Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen jigitleri» toparynyň sahna ussady Lilianna Ahmedowna Ýusupowan;
- Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Döwran Muradowiç Şammyýew;
- Arkadag şäheriniň häkimliginiň senagat, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň esasy hünärmeni Batyr Ballyýewiç Kurbanmuradow.
Şeýle hem «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly at dakyldy:
- Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň kuraş görnüşi boýunça tälimçi-mugallymy Dörtguly Tejenow;
- Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Lebap welaýat Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Şirin Permanowna Kubaýewa.