Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky esasy Täze ýyl arçasy GDA-da iň beýik diýlip atlandyryldy

13:5727.12.2023
0
36583

Aşgabat şäherinde «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada dikilen Türkmenistanyň Baş arçasy (44 metr) GDA-da Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli yşyklandyrylan iň beýik arçadyr.

Bu barada Arkalaşygyň iň täze Täze ýyl arçalarynyň reýtingini hödürleýän «TurStat» syýahatçylyk portaly habar berdi.

Aşgabatdaky Täze ýyl arçasy eýýäm dördünji ýyl GDA-da iň beýik diýlip ykrar edildi we ol her ýyl has-da öňkilerden beýgelýär.

Türkmenistanyň esasy Täze ýyl arçasyny bezemek üçin 4 müň oýunjak we 55 müň LED lampa ulanyldy. Baýramçylyk arçasy Sibirden getirilen tebigy arça şahalaryndan gurlupdyr.

Şeýle hem ilkinji onluga Ýerewan (37 m), Daşkent (35 m), Baku (34 m), Bişkek (32 m), Minsk (30 m), Duşanbe (30 m), Moskwa (25 m), Astana (25 m) we Almaty (20 m) şäherlerindäki arçalar girdi.

«TurStat portalynyň» sanawy GDA agza döwletleriniň ähli paýtagtlarynda esasy Täze ýyl arçalarynyň beýikligini öwrenmek netijelerine esaslanyp düzüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň