Telekeçi Ibragimowanyň hindi towugyny ýetişdirmek we etini gaýtadan işlemek boýunça «Hind guş» toplumy Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2015-nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda guruldy.
Toplumyň gurluşy bäş bölümi öz içine alýar: inkubator bölümi, ketekler we jüýjeler saklanýan zolak, iým ammary, gassaphana sehi hem-de eti çuňňur gaýtadan işlemek boýunça seh. Bu bölümleriň her biri iň täze enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Guşçulyk tehnologiýalary saýlanyp alnanda telekeçiler Ýewropanyň, ilkinji nobatda bolsa Fransiýanyň tejribesine daýanýarlar. Hojalykda «Hybrid Converter NOVO» tohumyna degişli broýler hindi towuklary ýetişdirilýär. Bu tohuma degişli mäkiýanlaryň agramy 6-dan 13 kg-a, horazlaryň agramy bolsa 18-den 26 kg-a çenli ýetýär. Hindi towugynyň eti ýumşaklygy bilen tapawutlanýar, ol çalt we aňsat bişirilýär, iň esasysy, adam bedenine oňyn täsir edýän witaminlere we minerallara baýdyr.
Häzirki wagtda «Hind guş» toplumynda hindi towugynyň etinden 75 görnüşli önümler taýýarlanylýar we sarp edijilere hödürlenýär.