«Sada dostluk» türkmen kärhanasy aýakgaplaryň 30-dan gowrak nusgasyny öndürýär

11:4927.12.2023
0
26699

Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýerleşýän «Sada dostluk» hususy kärhanasy erkekler, zenanlar hem-de çagalar üçin, şeýle-de sargyt esasynda ýörite niýetlenen aýakgaplaryň köpdürli görnüşlerini öndürýär. Kärhananyň umumy assortimentinde 30-dan gowrak aýakgap nusgalary bar.

Kärhana 2013-nji ýylda esaslandyryldy. Alyp barýan işiniň ilkinji ýyllarynda «Sada dostluk» raýat we senagat binalaryny gurmak, şeýle hem 0,4-35 kW çenli naprýaženiýeli magistral elektrik geçiriji liniýalary gurmak we abatlamak işleri bilen meşgullandy. Şunuň bilen birlikde, kärhana daşamasy howply bolan ýüklerini daşamak, awtoulaglarda ýükleri daşamak, himiki önümleriň lomaý söwdasy hem-de gurluşyk tehnikalaryny kärendesine bermek ýaly işleri ýerine ýetirdi.

2018-nji ýyldan başlap, kärhana esasy işi hökmünde aýakgaplaryň önümçiligini ýola goýdy. Kärhananyň önümçilik kuwwaty aýda 140 müň jübüt aýakgaby öndürmäge mümkinçilik berýär. «Sada dostluk» kärhanasynda çig mal hökmünde poliwinil hloridden (PWH), etilenwinil asetatyndan (EWA) hem-de poliuretandan (PU) peýdalanylýar.

Habarlaşmak üçin:

• ýerleşýän salgysy: Mary welaýaty, Mary etraby, Mary — Aşgabat ýolunyň 11-nji kilometrligi;
• telefon belgileri: 8 522 22221, 8 522 22212, 8 522 22220, (+993 63) 935757, (+993 63) 591514;
• elektron poçta salgysy: info@sada.com.tm;
• web saýty: www.sada.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň