«Bars» kompaniýasy Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň bazarlaryna konditer önümleriniň köp sanly görnüşlerini hödürleýär

14:3126.12.2023
0
32926

Türkmenistanda iň iri we iň meşhur konditer önümlerini öndürijileriň biri bolan «Bars» kompaniýasy tagamly hem-de ýokary hilli önümleri bilen ýurduň we daşary ýurtlaryň ýaşaýjylaryny begendirmegini dowam etdirýär.

«Bars» konditer zawody süýjülikleriň köp sanly görnüşlerini, şol sanda plitkajyk şekilli şokoladlary, şokolad pastasyny, tortlary we mekgejöwen taýajyklaryny öndürýär. «Şokokrem» haryt nyşanly şokolad pastasy, «Kokobars» atly içi kokosly şokolad batonjygy,

«Kerwen» haryt nyşanly içi hozly batonjyk we «Sapa» atly şokolad bilen örtülen keks «Bars» kompaniýasynyň iň meşhur önümleridir.

Kompaniýanyň önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.

Kärhana konditer önümleriniň önümçiligini awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Ähli önümler azyk harytlarynyň halkara hil we howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýär.

«Bars» kompaniýasynyň ähli işgärleri Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny Täze ýyl bilen gutlaýar we hemmelere bagt, süýji hem-de şatlykly pursatlary arzuw edýär!

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

• salgysy: Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, Änew şäheri, Demirýol köç., 2-nji geçelge, 4-nji jaý;
• telefon: (+99362) 666646.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň