Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Ak Ýol» toý mekany 2024-nji ýylyň ýazynda dabaralary guramaga sargytlary kabul edýär

12:5426.12.2023
0
33647

Bagt köşgi toý dabaralary merkeziniň binagärlik taýdan özboluşly ýerinde ýerleşýän «Ak Ýol» toý mekanynyň meşhurlygyny eýýäm şu günden bu ýerde 2024-nji ýylyň ýazynda belleniljek toý dabaralary, ýubileýler, sadaka we beýleki möhüm wakalar üçin sargytlaryň kabul edilip başlanandygy hem görkezýär.

«Ak Ýol» toý mekanynda islendik çäre iň ýokary derejede guralýar. Howa gözegçilik ulgamy bilen enjamlaşdyrylan amatly we ajaýyp bezelen toý zaly müň adama çenli myhmany kabul edip bilýär. Bu ýerde müşderileri dünýä ýüzüniň we milli aşhananyň köpöwüşginli tagamnamasy, tejribeli taýýarlykly işgärler, çagalar üçin animatorlaryň hyzmatyny üpjün edýän ýörite enjamlaşdyrylan oýun meýdançasy hem-de, elbetde, birnäçe sowgatlaryň ýetirilmegi özüne çekýär.

«Ak Ýol» toý mekanynyň degişli pudakda toý dabaralary üçin 36 aýa çenli garaşaryna, ýagny bölekleýin töleg geçirmek şertini hödürleýän ýeke-täk edaradygyny ýatladýarys.

Toý mekany tarapyndan ýetirilýän sowgatlaryň bukjasynda birnäçe hyzmatlar, şol sanda awtoulagyň toý bezegi hem-de toý lybaslaryny kärendesine almak ýaly hyzmatlaryň birnäçe görnüşi bar. Müşderileriň islegine görä toý dabaralarynda meşhur alyp baryjylaryň we aýdymçylaryň şowhunly hyzmatlary hem hödürlenýär.

Tölegsiz hyzmatlaryň hatarynda — zalyň bezegi, häzirki zaman yşyklandyryş we ses enjamlary, suratlary we wideolary görkezmek üçin ekranlar, lazer şüweleňi hem-de emeli tüsse enjamy, şeýle hem dabaranyň süýjülik torty bar. Täze durmuş gurýan müşderileriň ählisine «Ak Ýol» tarapyndan toý sowgady hökmünde kaşaň myhmanhanadan lýuks otag hem-de «Linkoln» gelnalyjy ulagy ýetirilýär.

«Ak Ýol» toý mekanynyň iş dolandyryjysynyň belleýşi ýaly, täze hyzmat — toý-sadaka çäreleri üçin göçme çadyrlaryň kärendesi we bu çäreleriň guramaçylygy hem giňden peýdalanylyp, ol toý stoluny, tejribeli hyzmatçylaryň hyzmat etmegini we ajaýyp toý bezegini öz içine alýar.

Ýaz paslynda ediljek toý dabaralary üçin toý mekanyny sargyt etmek, şeýle hem «Ak Ýol» tarapyndan berilýän sowgatlar barada has giňişleýin maglumatlary şu salgydan alyp bilersiňiz: Bagtyýarlyk köçesi, 15-nji jaý, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi. Telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň