«Sada suw» HJ Täze ýylyň öňüsyrasynda miwe şireleriniň etiketkalarynyň dizaýnyny täzeledi

11:1422.12.2023
0
39868

Miwe şirelerini öndüriji türkmen kärhanasy «Sada suw» Täze ýylyň öňüsyrasynda içgileriniň etiketkalarynyň dizaýnyny täzeledi. «Sada suwuň» miwe şireleriniň ajaýyp täze dizaýny olary baýramçylyk saçagy üçin hakyky bezege öwürýär.

«Elle» we «Ilkent» haryt nyşanly miwe şireleri Türkmenistanda sarp edijileriň arasynda meşhurlyk gazandy. «Sada suwuň» öndürýän içgileriniň hatarynda pyrtykal, şetdaly, erik, alma, käşir şireleri, tropiki miweleriň, tokaý miweleriniň, pomidoryň şireleri we beýleki tagamlar bar.

Önümler ähli tehnologiki we howpsuzlyk standartlaryna laýyklykda, ýokary hilli çig maldan öndürilýär.

«Sada suw» hojalyk jemgyýeti hyzmatdaşlaryny, müşderilerini we işgärlerini ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlaýar.

«Goý, ýetip gelýän 2024-nji ýyl sizi aladasyz we şatlykly üýtgeşmeler bilen begendirsin, ýakymly garaşylmadyk sowgatlar we ajaýyp habarlar bilen geň galdyrsyn, uly üstünliklere we täze belentliklere ýetmäge ruhlandyrsyn! Size bagt we şowlylyk, saglyk we ýagşylyk, howpsuzlyk we söýgi arzuw edýäris!» diýlip, gutlagda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň